ARKADAG ŞÄHERINIŇ BIR ÝYLLYGY DABARALY BELLENILDI


ARKADAG ŞÄHERINIŇ BIR ÝYLLYGY DABARALY BELLENILDI

29-njy iýunda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylanyna bir ýyl boldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler, baýramçylyk maslahaty we konserti geçirildi. «Arkadag Binasy» baýramçylyk meýdançasynda ýurduň sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy. Bu ýerde guralan dabaranyň edebi maksatnamasyna aýdymlar we joşgunly tanslar, artistleriň döredijilik toparlarynyň sungatyň dürli ugurlary boýunça ýerine ýetiren çykyşlary, milli sungatyň baý däplerini, özboluşly öwüşginini, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän döredijilik çykyşlary girizildi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar Türkiýe Respublikasynyň sungat ussatlarynyň çykyşyny uly şowhun bilen garşyladylar. Olar meşhur estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Sözi we sazy türkmen halkynyň Milli Liderine degişli bolan «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» atly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Ony dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmekleri sungat eseriniň ähmiýetini we täsirliligini artdyrdy.