KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGYŇ NUSGASY


KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGYŇ NUSGASY

Gazagystanyň paýtagtynda iri diplomatik çäre—Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejeli sammiti geçirilýär. Onuň çäklerinde guralýan «ŞHG» formatyndaky duşuşyga hem-de Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyşyna gatnaşmak maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurtda iş saparynda bolýar. Saparyň maksatnamasy beýik türkmen şahyrynyň hormatyna dikeldilen heýkeliň açylyş dabarasyndan başlandy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde çuň manyly çykyş etdi.