TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk ýurduň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Gazagystanda Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

«Türkmenistan» gazeti