TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara daşamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek we ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýar etmek boýunça işler dowam edýär. Döwlete tabşyrylan bugdaý üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

«Türkmenistan» gazeti