BEÝIK AKYLDARLARYŇ PAÝHAS UMMANYNA BAGYŞLANAN TÄZE KITAP


BEÝIK AKYLDARLARYŇ PAÝHAS UMMANYNA BAGYŞLANAN TÄZE KITAP

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletli diýarymyzyň durmuşyndaky şatlykly wakalar bagtyýar halkymyzyň milli buýsanjyny artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly toýy toýlara ulaşýar. Şanly ýylymyzda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň ýokary gurmaçylyk derejesinde geçirilmegi, «Magtymguly» atly täze kitabyň halkymyza gowuşmagy, ýurdumyzda taryhy waka boldy. Akyldar şahyryň goşgulary ýerleşdirilen «Magtymguly» atly täze kitabyň neşir edilmegi, şu ýyl ilkinji gezek Arkadag şäherinde giňden bellenilip geçilen Medeniýet günlerinde agzybir halkymyzyň toý şatlygyny has-da artdyrdy.

Dünýä medeniýetiniň baýlaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gündogaryň akyldary, dünýä edebiýatynyň söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi saldamly goşant bolup, olaryň döredijiliginde köp müňýyllyk medeniýetimiziň ruhy baýlyklary aýdyň şöhlelenýär.

Häzirki wagta çenli nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny toplamakda, ömür ýoluny we döredijilik mirasyny öwrenmekde ep-esli işler bitirildi. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasyna belent sarpa goýup, ony öz ruhy dünýäsine siňdirip, eserlerinde täze pikir, döwrebap garaýyşlar bilen dabaralandyrýar. Munuň özi akyldaryň şygyrlarynyň pelsepesine düşünmäge çemeleşmegiň öňki ýörelgelerden tapawutlanýan täze döwrüň «altyn derwezelerini» açdy.

Döredijilik hemişe täzeçe garaýyşlara döwtalap. Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çapdan çykan, Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Agamyrat Baltaýewiň «Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy» atly kitabynda hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleriniň mantyk-düşünjeleri çeperçilik baýlygy, pelsepe-taglymat gymmatlygy, nesilleri merdana atalarymyzyň ruhlaryna ygrarly edip terbiýelemekdäki ähmiýeti, watanperwer sapaklary giňden açylyp görkezilýär. Kitap Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda taýýarlanyldy. Kitap «Arkadag, döwür we Pyragynyň paýhas ummany», «Adamzadyň paýhas ummany — Arkadag hem Pyragy», «Watansöýüjiligiň beýik mekdebi», «Tebigat bilen sazlaşyk — milli terbiýäniň gözbaşy», «Medeniýet milletiň mertebesidir!», «Asyrlaryň bagtyýarlyk nury» atly bölümleri öz içine alýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-pelsepewi we çeper eserleri onlarça dile terjime edilip, dünýäniň dürli döwletlerinde uly höwes bilen okalýar. Eýsem, şeýle köpçülikleýin islegi näme bilen düşündirip bolar? Biz muny ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň öz ylmy we çeper-döredijilik gözleglerinde türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan ruhy we maddy baýlyklaryny, gülgüzar sähraly, başy belent dagly, joşgunly derýaly türkmen tebigatynyň tutuş adamzat nesillerine hyzmat edip biljek gymmatlyklaryny okyjylara bagyş edip bilýändigi bilen düşündirip bileris. Milli Liderimiz her bir eseriň temasyny Magtymguly Pyragy, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Seýitnazar Seýdi, Mollanepes, Annagylyç Mätäji, Gurbandurdy Zelili, Şeýdaýy ýaly nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň, kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň, atasy Berdimuhamet Annaýewiň durmuş uniwersitetine öwrülen öwüt-pentlerini çeper sözüň, maňza batnykly, ýiti täsirli çuň pelsepäniň üsti bilen beýan edýär. Bu ýagdaý diňe beýik şahslara mahsusdyr. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň dünýäniň çar künjeginde tanyşdyrylyş dabaralarynyň yzygiderli geçirilmeginiň mysalynda hem doly göz ýetirýäris. «Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy» atly kitapda bular hakda täsirli gürrüň berilýär.

Dünýä medeniýetiniň göwher gaşyna öwrülen ruhy baýlyklarymyzy dünýä wagyz etmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde we wagyz etmekde asyrlara ýaň saljak işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işlerinde mydama uly rowaçlyklar ýar bolsun!