ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE HYZMATDAŞLYK


ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE HYZMATDAŞLYK

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi

6-njy iýulda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn günüň ikinji ýarymynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýän Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, geçen ýyllaryň dowamynda ähli halklaryň deňligi we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinde halkara gatnaşyklary utgaşdyrýan edara hökmünde bu iri guramanyň abraýyny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär.

«Türkmenistan» gazeti