ZEHINLI AÝDYMÇYLARYŇ BÄSLEŞIGI


ZEHINLI AÝDYMÇYLARYŇ BÄSLEŞIGI

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry hem egsilmez joşguna beslendi. Änew şäheriniň medeniýet öýüniň giň dabaralar meýdançasynda ýaýbaňlandy. Özboluşly sungat baýramçylygyna öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeň aýdymçysy Aýnur Gurbanmyradowa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Gurbansoltan Annalyýewa ýeňijiler diýlip yglan edilip, döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.