TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek baradaky teklibi goldandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi hem-de Astana şäherinde 9-njy awgustda geçirilmegi meýilleşdirilen «Merkezi Aziýa—Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitiniň we ikitaraplaýyn duşuşygyňyza süýşürilmeginiň Ýaponiýada bolup geçen güýçli ýertitreme bilen baglydygyny aýdyp, göz öňünde tutulan bu çäreleriň yza süýşürilmeginiň düşünmek bilen kabul edilmegini haýyş etdi.

«Türkmenistan» gazeti