TÜRKMENISTANDA KAMBOJA PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY


TÜRKMENISTANDA KAMBOJA PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sok Çeadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de üstünlikleri arzuw etdi.

Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, jenap Sok Çea Kambojanyň ýokary ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

«Türkmenistan» gazeti