MERW TARYHYŇ SÖNMEJEK ŞÄHERI


MERW TARYHYŇ SÖNMEJEK ŞÄHERI

Merwiň şäherleri soňky 2500 ýylyň dowamyna uzalyp gidýär we Merkezi Aziýanyň Ýüpek Ýollarynyň ugrunda iň çylşyrymly we gowy saklanyp galan şäher merkezleriniň birini emele getirýär. Uly şäherleriň yzygiderligi müňlerçe administratorlara, syýasatçylara, esgerlere, alymlara, söwdegärlere we maşgalalara öý bolup hyzmat edipdir. Käwagtlar Merw uly imperiýalaryň paýtagty, käwagtlar söwda, harby we administratiw merkez bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen, gury ýer ýollaryndan aýlanyp geçýän deňiz söwdasynyň ähmiýetiniň artmagy bilen bu ýeriň wajyplygy kemelipdir. Soňra Çingiz hanyň goşunlary tarapyndan talanylmagy bolsa Merwiň ähmiýetiniň düýpli kemlemegine getiripdir. Şu beýik şäherlerden, ägirt şäher diwarlary we wajyp dini hem-de dünýewi gurluşyklaryň birnäçesi, bu ýer üçin häsiýetli bolan çig-kerpiç jaýlarynyň görnükli köpdürliligi saklanyp galýar. Häzir giňişlikde taşlanyp gidilen ýer bolup görünýän landşaftyň üstki gatlagynyň aşagynda dünýäniň beýik arheologiki ýerleriniň birisi ýatyr.

TARYHY: Biziň eramyzdan öňki VI asyrda Ahameniler Imperiýasy uzak aralyklar bilen söwdanyň ösmegine ýardam edipdir. Häzir Erk Gala diýlip atlandyrylýan, gülläp ösen administratiw we söwda merkezi Murgabyň deltasynda döräpdir. B.E.Ö IV asyryň soňlarynda, Aleksandr Makedonskiniň özüniň Oksusa (Amyderýa) we Hindistana tarap ýoly boýunça geçip gitmegi bilen, bu ýerler ellinistik (Grek) dünýäsine goşulupdyr. Onuň Imperiýasynyň gündogar ýerleri tizden Selewkid Imperiýasynyň bölegine öwülipdir, hem-de Antiokas I dolandyran döwründe (b.e.ö.281-261) Erk Gala ägirt, täze diwarlanan şäheriň, Antiokiya Margiananyň (häzir Gäwür Gala dýlip atlandyrylýar) sitadeline öwrülipdir. Beýik Gäwür Gala şäheri imperiýalaryň we söwdanyň göterilmegi we peselmegi bilen birlikde geljek 1000 ýylyň dowamynda ösmegini dowam edipdir. Parfiýalylar (takmynan b.e.ö.250 ýyldan başlap), we soňra Sasanidler (b.e.226 ýylyndan başlap), Merwi wajyp administratiw, harby we söwda merkezi hökmünde ösdüripdirler. 740-njy ýyllarda, goşunbaşy Abu Muslim Gäwür Galanyň diwaryndan bir kilometr günbatarda akýan Majan kanalyň boýunda metjit gurmagy buýrupdyr. XI asyrda, Abu Muslimiň metjidi gülläp ösýän şäher Marw al-Şahijan-yň (Beýik Merw: häzirki Soltan Gala) merkezinde galypdyr. Soltan Gala giňelmegini we ösmegini Seljuk döwrüniň dowamynda (XI–irki XIII asyrlar) dowam edipdir; bu döwürde Merw dünýäde iň uly şäherleriň biri bolupdyr. XII asyrda, köşk kompleksini, administratiw gurluşyklary we ýokary hilli ýaşaýyş jaýlaryny öz içinde saklaýan diwarlanan sitadel (Şähriýar Ark) şäheriň demirgazyk-gündogar burçunda gurlupdyr. 1221-nji ýylda, Mangol goşunlary Merwiň derwezelerine gelipdir. Taryhy ýazgylara görä şäherliler köpçülikleýin gyrlypdyr, şäher ýakylyp küle öwrülipdir we taşlanyp gidilipdir. Irki XV asyrlarda, täze diwarlanan Timurid şäheri öňki şäherleriň gündogarynda gurlupdyr, we soňra Abdulla Han Gala diýlip atlandyrylypdyr. Soňlugyça oňa şäher etegi bolup hyzmat eden Baýramaly Han Galasy b.e. XVIII asyrynda goşulypdyr.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň 47-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy



Mergen HOTJYÝEW