TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝADRO SYNAGLARYNY ÄHLUMUMY GADAGAN ETMEK BARADA ŞERTNAMASY GURAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNY KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝADRO SYNAGLARYNY ÄHLUMUMY GADAGAN ETMEK BARADA ŞERTNAMASY GURAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNY KABUL ETDI

30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu saparyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

«Türkmenistan» gazeti