DOSTLUK WE HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK ÝÖRELGELERINI DABARALANDYRYP


DOSTLUK WE HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK ÝÖRELGELERINI DABARALANDYRYP

TÄZE MEKDEP—TÜRKMENISTANDAN TÄJIGISTANA SOWGAT

1-nji sentýabrda Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. Şu gün-2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berilýän desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar.

Dostlukly goňşy ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gazanylan ylalaşyk esasynda kabul edilen bu çözgüt taraplaryň köpasyrlyk ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan iki halkyň arasynda dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gyzyklanmalarynyň güwäsidir.

«Türkmenistan» gazeti