MILLI AÝDYM-SAZ SUNGATY—NESILLERIŇ YLHAM ÇEŞMESI


MILLI AÝDYM-SAZ SUNGATY—NESILLERIŇ YLHAM ÇEŞMESI

«ÇALSANA, BAGŞY!» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

24-nji awgustda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek boýunça işlere möhüm ähmiýet berilýär. Ýaş nesillerde medeniýetimize söýgini kemala getirmek, olaryň döredijilik ukybyny höweslendirmek, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljek nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik hem munuň aýdyň güwäsidir.

«Türkmenistan» gazeti