TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «DRAGON OIL» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «DRAGON OIL» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri Milli Liderimiziň ady bilen berk baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyz işewüri myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar köp ýyllaryň dowamynda özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak esasynda yzygiderli ilerledilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem BMG-niň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýar.

«Türkmenistan» gazeti