TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ NOBATDAKY ZÄHMET RUGSADY BAŞLANDY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ NOBATDAKY ZÄHMET RUGSADY BAŞLANDY

1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berilýändigini, hemişe bolşy ýaly, olaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç alyp biljekdigini aýtdy.

«Türkmenistan» gazeti