TÜRKMENISTANDA MAWRIKIÝ RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY


TÜRKMENISTANDA MAWRIKIÝ RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

«Türkmenistan» gazeti