PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK, DOGANLYK, HYZMATDAŞLYK—SEBITIŇ ÝURTLARYNYŇ WE HALKLARYNYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY


PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK, DOGANLYK, HYZMATDAŞLYK—SEBITIŇ ÝURTLARYNYŇ WE HALKLARYNYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy derejede köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

«Türkmenistan» gazeti