TARYHÇY ALYM, TARYH YLYMLARYNYŇ DOKTORY, PROFESSOR ANNAGELDI GUBAÝEW


TARYHÇY ALYM, TARYH YLYMLARYNYŇ DOKTORY, PROFESSOR ANNAGELDI GUBAÝEW

Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, Italiýanyň Ylymlar akademiýasynyň we Germaniýanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy diýen hormatly atlara mynasyp bolan alym Annageldi Gubaýewiň halkymyzyň taryhyny ylmy esasda öwrenmekde alyp baran işleri geljekki arheolog ýaşlar üçin asylly ýol-ýörelgedir.

Taryhçy alym, taryh ylymlarynyň doktory, professor Annageldi Gubaýew Türkmenistanda arheologiýa ylmynyň ösmegine hem-de kämilleşmegine uly goşant goşan alymlaryň biridir. Annageldi Gubaýew 1937-nji ýylyň 20-nji maýynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Hankäriz obasynda dünýä inýär. 1956-njy ýylda Bäherden etrabyndaky 11-nji mekdep-internatyny, 1961-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini üstünlikli tamamlaýar. Annageldi Gubaýewiň arheologiýa bilen içgin gyzyklanmasy talyplyk ýyllary başlanýar. Şol ýyllar ol dünýä belli alym Mihail Ýewgenýewiç Masson bilen ýakyndan tanyş bolýar. M.Ý.Masson zehinli talyby Köne we Täze Nusaý galalaryndaky ylmy-barlag işlerine gatnaşdyrýar. Ol Annageldiniň arheologiýa ylmyna bolan yhlasyny duýup, onuň şol döwürde Daşkent şäherinde geçirilen arheologiýa boýunça seminar-maslahata gatnaşmagyny gazanýar.

Ol zähmet ýoluna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň arheologiýa bölüminde kiçi ylmy işgär wezipesinden başlaýar. 1967-nji ýylda «Günorta Türkmenistanda Sasaniler döwrüniň düşelgeleri» at bilen Sankt-Peterburgda kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Onuň bu ylmy işi taryhçylaryň, arheologlaryň öwgüli sözlerine mynasyp bolýar. Annageldi Gubaýew 1982-nji ýylda Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetinde «Günorta Türkmenistan irki feodalizm döwründe» atly doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Halk köpçüligine hödürlän ylmy işleriniň has takyk, hakykata golaý bolmagy üçin ýurdumyzda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri içgin öwrenýär. Akdepe ýadygärliginde ylmy-barlag işlerini geçirip, bu ýadygärligi hertaraplaýyn öwrenýär. Onuň irginsiz ylmy gözlegleri netijesinde ýadygärlikden gymmatly tapyndylar ýüze çykarylýar. Duşak demir ýol menziline ýakyn ýerde ýerleşen Ulugdepe ýadygärliginde belli alym I.S.Masimow bilen bilelikde alnyp barlan ylmy işleriň netijesinde ýaşaýyş jaýlarynyň üsti açylýar we toýundan ýasalan dürli gap-gaçlar, heýkeljikler, peýkam uçlary, möhürler tapylýar.

Annageldi Gubaýew 1984-nji ýylda Köne Nusaý galasyndan uzakda bolmadyk Büzmeýin ýolunyň çatrygynda ýerleşen Mansurdepe ýadygärliginde ylmy-barlag gözleg işlerini geçirýär. Bu ýerden ýüzüne gyýma gaşly, ullakan gözli, uzyn boýly zenanyň keşbi çekilen hum küýze ýüze çykarylýar. Ol hum küýzäniň biziň eýýamymyzdan öňki XII—XI asyrlara degişlidigini ylmy taýdan subut edýär. Alym 80-den gowrak ylmy makalalaryň we birnäçe kitaplaryň awtorydyr. Arheolog alym Merwiň çäginde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler bolan Çilburçgalany, Gäwürgalany, Erkgalany, Göbeklidepäni we Ýekedeşik gowagyny ylmy taýdan öwrenmekde-de köp işleri bitirdi. Ol 40 ýyldan gowrak Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetinde dürli wezipelerde—dekan, kafedra müdiri, mugallym bolup işledi. «Türkmenistanyň arheologiýasy» dersinden talyplara sapak berdi. Onuň tälim beren talyplary ýurdumyzda tanalýan alymlar bolup ýetişdiler. Hormatly halypa, mähriban mugallym 2018-nji ýylda 81 ýaşynda aradan çykdy.

Aşgabat şäheriniň S.A.Nyýazow adyndaky 20-nii orta mekdebiniň taryh mugallymy



Ogulgurban NURYÝEWA