HEPDÄNIŇ SIRK OÝUNLARY


HEPDÄNIŇ SIRK OÝUNLARY

Mähriban watandaşlar, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki her hepdäniň ýekşenbe güni 15:00-da täsin sirk çykyşlaryny hödürleýär.

Sizi ajaýyp sirk oýunlarymyza tomaşa etmäge çagyrýarys. Bu täsin çykyşlarymyzyň dowamynda akrabatlarymyzyň, gimnastlaryň, darbazçylaryň, žonglýorlaryň şeýle hem şadyýan maýmynlaryň dürli oýunlaryna, artistleriň ýatdan çykmajak gülkili pursatlaryna, aýratyn hem dünýä meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirjek şowhunly çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz.