TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI


TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda iki ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň doly derejede ulanylmagynyň möhümdigine üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykarylandygyny belledi hem-de özbek Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.

«Türkmenistan» gazeti