ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ


ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Berkarar ýurdumyz ata-babalarymyzyň ýaş nesli milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Asyrlar boýy dowam edip gelýän halkymyzyň çaga terbiýelemekde kämilleşen asylly däpleri Oguzhan eýýamynda kemala gelip, türkmeniň milli ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesiller milli ruhda terbiýelenýär. Şonuň üçin hem olar milli medeniýetimize, ene dilimize sarpa goýýarlar. Ýaş nesliň geljekde edep-ekramly, ynsanperwer, zähmetsöýer, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi eziz Diýarymyzyň ýagty geljegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar.

Halk arasynda «Terbiýäniň ýagşysy göreldedir, görelde bolsa söz bilen hereketiň birligidir» diýilýär. Terbiýäniň, esasan, görüm-görelde bilen berilýändigine öz durmuş tejribelerinde aýdyň göz ýetiren pederlerimiz «Atadan gören söwüş eder, eneden gören supra ýaýar» diýen dana nakyly hem döredipdirler. Dana pederlerimiz tarapyndan döredilip, üsti ýetirilip, kämilleşdirlip gelnen edep kadalary, milli terbiýäniň ýörelgeleri ýaş nesillerimize gymmatly miras höküminde geçirilip gelinipdir. Edep-terbiýe kadalarynda ilki bilen medeniýetli sözleýiş aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz nakyllaryň, halk döredijilik eserleriniň üsti bilen ýaşlaryň söz baýlyklaryny artdyrypdyrlar. Ynsanyň sözleýän sözi onuň edebini, adamkärçiligini, sowatlylygyny görkezýär, çünki medeniýetli sözleýiş adamyň özüni medeniýetli alyp barmagynyň nusgalyk ýörelgesidir. Şonuň üçinem ýaş nesle edep-terbiýe bermekde, olary kämil ynsan edip ýetişdirmekde ene diliniň örän uly täsiri bardyr. Şol sebäpli hem ýaşlarda çagalykdan ene diline söýgi döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ata-babalarymyz «Edep başy–dil» diýen pähimi döretmek bilen pähimli sözleriň ähmiýetiniň has-da täsirlidigini belläpdirler. Dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen, gepleşikde, adamlaryň arasyndaky pikir alyşmalarda zerur hyzmaty ýerine ýetirýär. Sözleýän adam diliň söz baýlyklaryna, many-mazmunyna oňat düşünýän bolsa, ol pikirini beýan etmegiň kämil usulyny ulanyp bilýär. Ata-babalarymyz dilimiziň baýlyklaryny çeper edebiýatlara, halk döredijiliginiň dürdänelerine siňdirip, türkmen diliniň sözlük düzüminiň has-da baýlaşmagyna goşant goşupdyrlar. Ruhy gymmatlygymyz bolan ene dilimizi ylmy esasda öwrenmek, ýaş nesillere mynasyp geçirmek asylly ýörelge bolup durýar.

Geçmişde hem halkymyzyň akyldarlary sözleýiş medeniýetine we sözleriň manysyna düşünmäge uly ähmiýet beripdirler. «Kowusnama» eserinde: «Danalaryň nesihatlaryna gulak asmak, akylyň gözüni ýiteldýär diýýärler, çünki akyl gözüniň dermany we sürmesi dana sözlerdir» diýen parasatly jümlelerden görnüşi ýaly, danalaryň pähimlerini köp diňlemek edepliligiň we akyllylygyň nyşanydyr. Akyldarlaryň aýdanlaryna belent sarpa goýýan türkmen halky dil hakynda hem nakyllary döredipdirler. «Paýhasly söz bakydyr», «Dilim bar–dünýäm bar», «Sözi paýhas bezär», «Ýola çyksaň, diliňi gora», «Atalar sözi–pähimiň gözi» ýaly atalar sözlerine eýeren halkymyz ýaş nesli terbiýelemekde olary giňden peýdalanypdyrlar. Nakyllaryň üsti bilen söze we sözleýiş medeniýetine sarpa goýmagy, manyly sözlemegi öwredipdirler. Şularyň netijesinde hem nesiller çeper sözli hoşzyban, hoşgylaw bolup ýetişipdir. Munuň özi bolsa gysga jümlelerde uly manyny jemleýän nakyllaryň üsti bilen edep öwretmegiň nähili uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem nakyllaryň, atalar sözleriniň manysyna akyl ýetirmek arkaly sözüň jadylaýjy güýjüni görmek bolýar.

Dana paýhasly sözleriň we jümleleriň ynsan kalbyna nur çaýýandygyny nusgawy edebiýatymyzdan hem, halk döredijiligimizden hem aýdyň göz ýetirýäris. Halkymyz milli ýörelgelerine sarpa goýmak bilen, ene dilini yzygiderli ösdüripdir, baýlaşdyrypdyr hem-de geljekki nesillere ýetiripdir. Dana pederlerimiziň medeniýetli sözlemek ýaly asylly ýörelgesi ene dilimize bolan söýgimizi has-da artdyrýar. Ene dilimizi ylmy esasda öwrenmek, geljek nesillere geçirmek asylly ýörelgedir. Ene dilimizi çuňňur öwrenýän watansöýüji ýaşlar ata Watanymyzyň ýagty gelejegi bolmak bilen, geljekki kämil hünärmenler, alymlar bolup, ata Watanymyzyň ösüşlerine uly goşant goşarlar.

Ene dilimiziň ösdürilmegi, öwrenilmegi üçin nusgalyk işleri durmuşa geçirýän, ýaş nesilleriň kämil terbiýeli, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!



Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň

33-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy



Göwher ORAZGULYÝEWA