TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI/b>

30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.

lki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar—iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda», «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda», «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Kanunlar hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly başga-da birnäçe kanunlar kabul edildi. Dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mejlisiň kararlarynyň 15-si kabul edildi.

«Türkmenistan» gazeti