ÝAŞ SURATKEŞIŇ ÝETEN SEPGIDI


ÝAŞ SURATKEŞIŇ ÝETEN SEPGIDI

Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda biz ýaşlaryň okamagymyz, öwrenmegimiz, döwrebap bilim almagymyz, saýlap alan hünärimiziň eýesi bolmagymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

«Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» ýylynda sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri ugry boýunça teatr-bezeg nakgaşçylygy ugruna dalaşgär boldum. Ähli synaglardan üstünlikli geçip, bagtyýar talyp bolmak bagty maňa hem miýesser etdi. Meniň begenjimiň, buýsanjymyň çägi diýseň ýokary.

Aşgabat şäher Medeniýet Müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy bolan Batyr Çaryýewiň elinde 4-ýyl okap hünär öwrendim. 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriniň ýaş suratkeşleriniň arasynda geçirilen bäsleşikde II orna mynasyp boldum.

Geljekde şekillendiriş sungatymyzy ösdürjek ajaýyp eserleri döredip, saýlap alan hünärimiň kämil ussady boljakdygyma Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, talyp ýüregimden ynandyrýaryn.

Şu pursatdan peýdalanyp, biz ýaşlaryň döwrebap bilim almagymyz ugrunda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymy aýtýaryn. Goý Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!



Dürbike AHMEDOWA