TÜRKMENISTAN—EÝRAN: DÖWLETARA GATNAŞYKLARY PUGTALANDYRMAGYŇ ÝOLUNDA MÖHÜM ÄDIM


TÜRKMENISTAN—EÝRAN: DÖWLETARA GATNAŞYKLARY PUGTALANDYRMAGYŇ ÝOLUNDA MÖHÜM ÄDIM

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.

Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Mälim bolşy ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Türkmenistan» gazeti