TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OBA HOJALYK PUDAGYNY ÖSDÜRMEK MESELELERI BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OBA HOJALYK PUDAGYNY ÖSDÜRMEK MESELELERI BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek, tekizlemek, bugdaý tohumlaryny, ekişde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

«Türkmenistan» gazeti