TARYHY BIRLEŞDIRÝÄN ULY WAKALAR


TARYHY BIRLEŞDIRÝÄN ULY WAKALAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» ady bilen wagyz nesihat çäre geçirdi.

Çärede hormatly Prezidentimiziň ,«Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änewiň iň bir gelim-gidimli desgalarynyň biri «Seýit Jemaleddin» diýlip atlandyrylýan meşhur orta asyr arhitektura toplumydyr» diýip belleýşi ýaly, bu toplum barada, Seýit Jemaleddin metjidiniň ýüzündäki ýazgylara esaslanylyp, onuň 1456-njy ýylda bina edilendigi, bu ýere gelýän syýahatçylara, myhmanlara giňişleýin maglumat berilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bu mekanyň gadymylyk alamaty, onuň ady babatda alnanda, oýlandyrýar. Ol baradaky maglumatlaryň käbiri barada ozal hem ýatladym. Ýöne käbir alymlaryň şumerlileriň iň uly taňrysy bolan asman taňrysyny «Anu» diýip atlandyrandyklary, «Änew» diýen adyň hem şundan gelip çykandygy hakyndaky pikirleri hem ünsi özüne çekýär”diýip belleýär.

Bagtyýar halkymyz 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen garşy aldy.

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, dünýäde meşhur şahsyýet, akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmegi türkmen taryhynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýar, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby baý mirasymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda, täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän wakalaryň umumylygy «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda jemlenýär. Çünki döwletiň iň uly maksady adamlaryň bagtyýarlygydyr, geljege ynamly garaýşydyr.

Hut şu ynamly maksat bilen öňe barýan bagtyýar halkymyzyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýup, Änew şäheriniň bolsa gadymy şäher bolandygy, onuň milli baýlyklary, taryhy wakalary bardaky maglumatlaryň dünýä halklarynyň arasynda uly gyzyklanma döredýänligi barada giňişleýin çykyş etdiler.

Çärä gatnaşan ýaş nesillerimiz özleriniň ukyp-başarnyklarynyň, zehinleriniň açylmagy ugrunda, söýen hünärlerini ele almagy üçin şeýle uly aladalaryň edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan joşup çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.