KIDS EXPO: ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN


KIDS EXPO: ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN

«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Sergide dürli ýaş toparlaryndaky çagalar üçin harytlar we hyzmatlar görkezildi. Ol harytlar we hyzmatlar çagalara bilim bermek, okatmak, oýunjaklar, ösüş esbaplary, çagalar edebiýaty, okatmaga niýetlenen neşirler, şeýle hem sagdyn iýmitlenmek, sport we beden taýdan ösüş, döredijilik, çeperçilik işleri, çagalar modasy, internet howpsuzlygy tehnologiýalary, çagalar syýahatçylygy we saparlary hem-de beýleki ugurlara bölünýär. Geçirilen sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi we Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem göçme kitap sergisi bilen gatnaşdy.

Sergide dürli dillerde neşir edilen çagalar edebiýatyna degişli kitaplaryň we kitapçalaryň ençemesi ýerleşdirildi. Esasan-da daşary ýurt dillerine terjime edilen türkmen halk ertekileriniň dürli görnüşleri, ertekileri sahnalaşdyrmak üçin niýetlenen gurjaklar, çagalar üçin niýetlenen döwürleýin neşirler ýaşajyk, bilesigeliji okyjylarymyzda ýakymly täsir galdyrdy. Sergi dört günläp dowam etdi. Geçirilen şüweleňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilen bir hatarda hemişelik okyjylarymyz hem gatnaşdy.

Sergi-ýarmarkasyna gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak şeýle-de çagalaryň bagtyýar geljegini gurnamak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.