«ÝAŇLAN, DIÝARYM!» TELEBÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI


«ÝAŇLAN, DIÝARYM!» TELEBÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

Şu ýylyň 7-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda her ýyl geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher häkimligi zehinli ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden ýaş artistleri bir ýere jemleýän bu bäsleşik olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, halkymyzyň baý ruhy mirasyna, aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna şert döredýär. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi soňky ýyllarda täze zehinleriň ençemesiniň ýüze çykmagyna ýardam etdi. Ol türkmen aýdym-saz sungatynyň geljegine ser salmaga, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns-aladalary netijesinde ýaş zehinleriň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmeklerine täze itergi berýär.

Aýdym-saz baýramçylygy tamamlanandan soňra, bäsleşigiň jeminiň jemlenilmegi we ýeňijileriň yglan edilmegi iň tolgundyryjy pursada öwrüldi. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijiler yglan edildi we olara ýörite diplomlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.

Ýeňijiler ýurdumyzda döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler, şeýle-de mynasyp bolan sylaglaryny diňe uly hormat we jogapkärçilik hökmünde däl, eýsem, sungatyň dörediji, birleşdiriji güýjüniň subutnamasy hökmünde hem kabul edýändiklerini aýtdylar.