WATANYMYZYŇ WASPY REŇKLERIŇ OWAZYNDA


MAGTYMGULY ÖWÜT BERGIL SÖZ BILE

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 9-na Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamaklarynda Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň «Watanymyzyň waspy reňkleriň owazynda» atly toparlaýyn sergisi geçirildi. Bu sergä ýurdumyzyň halypa suratkeşleri, mugallymlar, talyplar, ýurdumyzyň ýaşaýjylary we habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar. Bu sergi 80-den gowrak nakgaş eserleri bilen sergilendi.