TÜRKMENISTANDA WENGRIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rožadan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işlemegi arzuw etdi.
Dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýokyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna hem-de halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
«Türkmenistan» gazeti