ÇARWADARLARYŇ BÜTINDÜNÝÄ OÝUNLARY-HALKLARYŇ ARASYNDA DOSTLUGYŇ WE ÖZARA DÜŞÜNIŞMEGIŇ DABARALANMASY


ÇARWADARLARYŇ BÜTINDÜNÝÄ OÝUNLARY-HALKLARYŇ ARASYNDA DOSTLUGYŇ WE ÖZARA DÜŞÜNIŞMEGIŇ DABARALANMASY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy

8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça ÇarwadarlaryňV bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistan we Gazagystan strategik hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga, dürli ulgamlarda, şol sanda sport ugry boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna bar bolan mümkinçilikleri doly derejede işe girizmäge taýýardyklaryny görkezýärler. Häzirki wagtda sport ulgamy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň netijeli başlangyçlary bu syýasatda mynasyp dowam etdirilýär. Bitarap Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň beýik ynsanperwer taglymlaryna ygrarly bolmak bilen, bu ulgamda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär.

«Türkmenistan» gazeti