MILLI MIRASYMYZYŇ GYMMATLYKLARY


MILLI MIRASYMYZYŇ GYMMATLYKLARY

Bütindünýä halklarynyň senetçilikde, amaly-haşam sungatynyň önümlerini aýawly saklap şu döwrümize ýitirmän getirmekde gazanan üstünlikleri adamzadyň gymmatly hazynasy hasaplanýar. Ata-babalardan miras galan bu hazynany gorap saklamakda hiç bir halk yzda durmaýar, halkyň döreden önümi şol milletiň ýaşaýşyny, ruhy dünýäsini açyp görkezýär. Biziň türkmen halkymyzyň amaly-haşam önümlerinde öz ata-babalarymyzyň beýik düşünjesiniň durandygyny, şol garaýyşlaryny nepis sungata siňdirip, şu günlerimize çenli üýtgetmän saklap gelendigini görenimizde ol beýik ynsanlar babatynda guwanjymyzyň çägi bolmaýar. Ilkinji tapylan küýze bölejikleriniň ýüzündäki nagyşlaryň, haly-palaslaryň göllerine siňendigini, adamlaryň dini ynançlarynyň bolsa zergärçilik önümlerinde şöhlelenýändigini görmek bolýar. Şol ynam-ygtykatlar bu halky mydam ruhdan düşürmän saklapdyr. Häzirki ajaýyp zamanamyzda hiç bir halkyň önümlerinden pes bolmaýan halkyň döreden önümlerini öwrenmek her bir türkmen raýatyny ganatlandyrýar. Bu önümlerde ata-babalarymyzyň ýagşy arzuwy, päk niýeti, zähmetsöýerligi şöhlelenýär. Olara bolan buýsanç perzentlik ruhuňy göterýär.

Medeni mirasymyzy gorap saklamakda häzirki wagtda hem ýurdumyz dünýäniň birnäçe abraýly halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Bu günki gün Türkmenistan parahatsöýüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürmek bilen dünýä jemgyýetinde mynasyp orunlaryň birini eýeleýär. Halkara derejeli sergileriň, maslahatlaryň geçirilip durmagy Ýer ýüzündäki parahatçylygy berkitmekde, halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmakda hem uly orun eýeleýär. Halkymyzyň asyrlar boýy saklanyp galan medeni mirasyny gorap saklamak üçin geçirilýän yzygiderli çäreler, bize pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryny has-da içgin öwrenmäge ýardam berýär.

Şeýle medeni çäreleriň biri hem 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bolup geçen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni miras müdirliginiň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Tatarystan respublikasynyň Kazan şäheriniň amaly-haşam sungatynyň merkezi tarapyndan «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri» atly onlaýn maslahatydyr. Bu amaly maslahat döredijilik ýolunda zähmet çekýän adamlaryň ruhuny göterdi.

Maslahatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň «Milli senedimiz-owazasy dünýä ýaýran sungatymyz» atly mowzuk bilen taýýarlan çykyşy maslahata gatnaşan adamlaryň ünsüni çekdi. Onda Kazan şäheriniň Senetçilik Merkeziniň ylmy we neşir işleri boýunça direktoryň orunbasary Gülnäz Marsowna, taryh ylymlarynyň kandidaty, etnograf hem-de sungaty öwreniji Ajap Baýryýewa, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri Nurgözel Bäşimowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işleri boýunça prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow hem-de ýokary okuw jaýynyň mugallymlarydyr, ýaş talyplary gatnaşdylar.

Maslahata ýurdumyzyň belli senetçiler, milli keşdeçilik, keçe, deri önümlerini taýýarlamak, mata öndürmegiň tehnologiýasy boýunça birnäçe hünärmenler gelip öz edýän işleri boýunça çykyş etdiler. Olar türkmen dokmaçylygy, halyçylyk sungatynyň, keçe önümleriniň, zergärçilik sungatynyň, deri işläp bejermegiň syrly ýollarynyň gürrüň edilmegi gelejekde bu çeper ýollaryň ýaş nesillerimize has-da içgin ýetirilmegine, türkmen sungatynyň dünýä ýüzüne äşgär bolmagyna giň mümkinçilikleriň bardygyna maslahata gatnaşyjylaryň höwesini artdyrdylar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň uly mugallymy halypa Maýa Jumanyýazowanyň halkyň döreden ruhy gymmatlyklary, olaryň nepisligi barada beren gyzykly gürrüňleri çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Ýokary okuw jaýynda geçen maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň haly mugallymy Jeren Çaryýewa, kafedranyň keramika mugallymy Gülara Babaýewa hem-de kafedranyň zergär mugallymy Berdimuhammet Saparow öz ussatlyk sapaklaryny görkezdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň milli sungatymyzy, halkyň kalbyndan dörän bu gymmatly önümleri ezizläp saklamak hem-de giň halk köpçüligine ýaýyp wasp etmek ýaş nesillerimiziň mukaddes borçlaryň biridir!



Maýsa BERDIÝEWA



Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby