TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymyna taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar, pagta ýygyjy kombaýnlar, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar möwsüme doly taýýar edildi. Ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen doly üpjün etmek işleri dowam edýär. Sebitiň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinler ekilen meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

«Türkmenistan» gazeti