TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ARKADAG ŞÄHERINIŇ IKINJI TAPGYRYNDA GURULMAGY MEÝILLEŞDIRILÝÄN DESGALARYŇ ŞEKIL TASLAMALARY BILEN TANYŞDY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ARKADAG ŞÄHERINIŇ IKINJI TAPGYRYNDA GURULMAGY MEÝILLEŞDIRILÝÄN DESGALARYŇ ŞEKIL TASLAMALARY BILEN TANYŞDY

15-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha artýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi.

Şu günler şäheriň çäklerinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Arkadag şäherinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň oňyn netijeleri nurana köçelerde, seýilgählerde, döwrebap desgalaryň ýanaşyk ýerlerinde has aýdyň görünýär.

«Türkmenistan» gazeti