TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GERMANIÝANYŇ FEDERAL KANSLERI BILEN DUŞUŞYGY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GERMANIÝANYŇ FEDERAL KANSLERI BILEN DUŞUŞYGY

17-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýa-Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ynanyşykly we özara hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysyna Türkmenistan bilen GFR-iň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny ýetirip, Federal Kansler Olaf Şols bilen «Merkezi Aziýa-Germaniýa» dialogynyň çägindäki ikitaraplaýyn duşuşygyň türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

GFR-iň Hökümetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de ol parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän başlangyçlary netijesinde belent halkara abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen öz ýurdunyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

«Türkmenistan» gazeti