HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE SEPGITLERINE ÝETMEK UGRUNDA


HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE SEPGITLERINE ÝETMEK UGRUNDA

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji «Merkezi Aziýa- Germaniýa» sammitine gatnaşdy

17-nji sentýabr hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi ählumumy ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, umumy bähbitlere laýyklykda, özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär. Türkmen tarapynyň «Merkezi Aziýa-Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşmagy hem munuň nobatdaky güwäsidir. Duşuşygyň gün tertibi häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň ençemesini öz içine alýar.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýanyň Federal Kansleriniň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Berlinde geçirilen birinji sammiti «Merkezi Aziýa-Germaniýa» formatyndaky ýakyn gatnaşyklaryň başyny başlady. Şol duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Netijeli türkmen-german hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şol taryhy duşuşyga gatnaşyp, Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

«Türkmenistan» gazeti