OWAZLAR GOŞULSA-DÖWRÜŇ HEŇINE


OWAZLAR GOŞULSA-DÖWRÜŇ HEŇINE

Şanly Garaşlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň gurnamagynda «Garaşsyzlyk-baky bagtymyz» atly aýdym-sazly, söhbetli duşuşyk geçirildi. Bu aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy «Miras» teleýaýlymyna ýazgy edildi. Duşuşyga Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri Begenç Moşşyýew, Aýna Seýitgulyýewa, Arzygül Gylyjowa we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Keýik Artykowa gatnaşdy.

Saz-söhbetli baýramçylyk dabarasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitleri hem-de medeniýet, sungat ulgamynyň gazanan üstünlikleri dogrusynda giňişleýin bellenilip geçildi. Gepleşigiň dowamynda eziz Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlar hem-de baýramçylyk owazlar ýaňlandy.

Halkyna şeýle sowulmaz döwrany, baky bagty peşgeş beren mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin. Watanymyzda aýdym-sazyň sesi belentden-belentde ýaňlansyn!



Keýik ARTYKOWA



MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASYNYŇ «SAZ MUGALLYMY» HÜNÄRINIŇ 5-NJI ÝYL TALYBY