HALYPANY ÝATLAP


HALYPANY ÝATLAP

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussat bagşy-sazandalarymyzyň ýubileý toýlaryny uludan bellemek asylly däbe öwrüldi. Ýakynda hem Türkmenistanyň halk bagşysy Oraznepes Döwletnazarowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan gepleşik «Mirasݟ teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň halk artisti, professor Ýolaman Nurymow bilen uly ylmy işgäri Atageldi Mämmetgulyýew gatnaşdylar. Türkmenistanyň halk bagşysy Oraznepes Döwletnazarowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan gepleşikde gyzykly ýatlamalar we gürrüňler edildi. Çykyşlarda halypanyň dutar çalmagyň inçe tilsimlerini inçelik bilen öz şägirtlerine öwredişi barada, mugallymçylyk işinde ussatlygy dogrusynda belläp geçdiler.

Gyzykly gürrüňler bilen bir hatarda ýurdumyzyň sungat ussatlary, halypa mugallymlary Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Rejepdurdy Begenjow türkmen halk aýdymy «Garagöz gelin», Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa «Käkilik» (sazy: Ata Ablyýewiňki, goşgusy: Geldi Bäşiýewiňki), Magtymguly Magtymgulyýew «Garrylar gerek» (sazy: Ata Ablyýewiňki, goşgusy: Magtymguly Myşşyýewiňki), Meýlis Goçmyradow türkmen halk aýdymy «Selbinyýaz», Jora Çerkezow «Dutarym» (sazy: Akmyrat Çaryýewiňki, goşgusy: Geldi Bäşiýewiňki) ýaly ajaýyp aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.

Şular ýaly zehinli bagşy-sazandalarymyzy ýatlamaga, olaryň ýubileý toýlaryny toýlamaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!



Aýjemal HOJAÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi ylmy işgäri