TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMAN KOMPANIÝALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞDY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMAN KOMPANIÝALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞDY

17-nji sentýabr Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Ýygnananlar GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanmanyň köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, döwletimizde daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly mümkinçilikler bilen şertlendirilendigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we resmi wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, häzirki wagtda Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şu günki duşuşyga köp sanly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşýandygy hem munuň şeýledigini tassyklaýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewür toparlary, iri kompaniýalary we bank ulgamy birnäçe ýyllardan bäri özara bähbitli gatnaşyklary saklap gelýär. Şu geçen döwürde baý tejribe toplandy we durnukly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

«Türkmenistan» gazeti