GARAŞSYZDYR EZIZ TÜRKMENISTANYM


GARAŞSYZDYR EZIZ TÜRKMENISTANYM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Garaşsyzdyr eziz Türkmenistanym» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam eserleriniň sergisi geçirilýär. Bu sergide suratkeşleriň 95-den gowrak nakgaş, heýkel grafika, gobelen sungat eserleri görkeziler. Bu sungat eserlerinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň keşbine we şygryýet älemine bagyşlanan sungat eserleri görkezilýär, hem-de bagtyýar zamanymyzyň waspy, oba durmuşy, eziz Watanymyzyň gözel tebigaty, ir-iýmişli miwelerimiz şöhratly taryhymyz, abadan ýurdumyz, gündelik durmuşyň gyzykly sahnalary mynasyp suratlandyrylýar.