TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSLAM ÖSÜŞ BANKYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSLAM ÖSÜŞ BANKYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YÖB-niň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän hem-de netijeli durmuş-ykdysady özgertmeleri, giň gerimli düzümleýin maksatnamalary amala aşyrýan Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Pursatdan peýdalanyp, jenap Muhammad Al Jasser hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we iňgowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada şu gezekki saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

«Türkmenistan» gazeti