TÜRKMEN SAZY DÜNÝÄ ÝÜZÜNE ÝAŇ SALÝAR


TÜRKMEN SAZY DÜNÝÄ ÝÜZÜNE ÝAŇ SALÝAR

Ýakynda Sank-Peterburg şäheriniň Petergof muzeýler toplumynyň ak zalynda «Классика в дворце» atly konsert geçirildi. Bu konsertda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, milli halkara bäsleşiginiň laurýaty Mähri Orazowa we «Saz mugallymy» kafedrasynyň mugallymy Maýa Orazberdiýewa çykyş etdiler. Olaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan A.Şapoşnikow, D.Öwezowyň «Şasenem Garyp» operasyndan Şasenemiň ariozasy tomaşaçylar köpçüliginiň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldylar.

Birnäçe döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky geçirilen bu ýokary derejeli konsert ýatdan çykmajak mähirli, ýakymly ýatlamalary bilen täsir galdyrdy. Olaryň türkmen operasyndan ýerine ýetiren Şasenemiň ariozasy Peterburg şäheriniň muzeýler toplumynyň ak konsert zalynda ýaňlananda dünýä döwletlerinden gelen sungat ýolbaşçylarynyň hem-de rus halkynyň gyzgyn el çarpyşmasyna, gül desseleri bilen gutlaglaryna, gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Türkmen aýdym-saz sungatynyň dürli ýurtlarynda ýaňlanmagy türkmeniň medeniýetiniň we sungatynyň ýagtylanmagyna, has hem ösmegine itergi berýär. Konsertda ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmegine hem-de dünýä halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkeýändigine şaýatlyk etdi.



Ogulnur SULTANOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby