Behişdi bedewlerimize belent sarpa
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk etrabynyň medeniýet köşginiň bilelikde guramagynda «Behişdi bedewlerimize belent sarpa» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede türkmen halky taryhyň ähli döwürlerinde owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen göreni haýran edýän bedewlerimize uly sarpa goýulyp, türkmen halkynyň «At-myrat, ogul-döwlet», «Aty baryň ganaty bar», «At agynan ýerde toý bolar», «At dost - ata dost» diýen ýaly nakyllar-da bedewe bolan söýgüsiniň subutnamasy bolup, bedew atlaryň waspyny edebi çeşmelerde hem görmek bolýandygy, şeýle-de nusgawy şahyrlarymyz behişdi bedewleri wasp edip goşgudyr, gazallary ýazyp, gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriň waspyny ýetirýändigi, türkmen toýlarynyň bezegi ahalteke bedewlerini göreniňde buýsanjymyzyň has-da goşalanýandygyny nygtap, ganatly bedewler gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.