«Saglyk sakasynda duran Arkadag»
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 133-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Saglyk sakasynda duran Arkadag» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärede çykyş edenler häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň oňyn netijeleri berýänligi, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň köp jiltli ensiklopedik işi ýagny, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň umumy ylmy ugurly bolmak bilen bir hatarda, aň-düşünjäni artdyrýan peýdaly maglumatlary özünde jemleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.