“Çagalar geljegimiziň nury”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda “Daşkent” dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Çagalar geljegimiziň nury” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Arzyly islegleriň hasyl bolýan eziz Watanymyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalar mähir, söýgi, üns-alada bilen gurşalýar. Geljegimiziň aýdyň, röwşen bolmagy üçin ýaş nesiller hakyndaky alada şu günüň esasy wezipesidir.
Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler bagtyýar nesilleriň rahat dynç almaklary, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýändigi barada gürrüň berdi.
Çäräniň dowamynda gurnalan kitap sergisi, çagalar çeperçilik mekdebiniň surat sergisi, çagalar sungat mekdebiniň çagalarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary baýramçylyk dabarasyna gelen çagalarda has uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.