Nowruz dost-doganlygyň baýramy


Nowruz dost-doganlygyň baýramy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Nowruz dost-doganlygyň baýramy» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň her bir güni toýdur-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Ine, şu günler hem Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň çar künjeginde dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýänligi ata-babalarymyzyň gadymdan bäri bellenilip gelýän Nowruz baýramçylygy ajaýyp däp-dessurlarymyzyň, şeýle-de milli tagamlarymyz tebigatymyzyň gözellikleri bilen sazlaşyp gelýänligi we «Täze gün», «Täze ýyl» diýen manyny aňladýan Nowruz baýramynyň hem giňden bellenilip geçilýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny ajaýyp zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.