«Täze ýylym, rysgal – döwlet getir sen, Ýeňişlere toý baýrama ýetir sen!»


«Täze ýylym, rysgal – döwlet getir sen, Ýeňişlere toý baýrama ýetir sen!»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Täze ýylym, rysgal – döwlet getir sen, Ýeňişlere, toý baýrama ýetir sen!» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, parahatçylygy döwlet syýasatynyň naýbaşy hasaplanýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy esasynda, eziz Watanymyzyň parahatçylyk babatda gazanýan üstünlikleri barada şeýle-de döwlet derejesindäki milli baýramçylyklarymyz, şanly senelerimiz, türkmen halkyny bir supranyň başyna jemleýändigi, supra başyna jemlemek il agzybirligini, jebisligini, ýurt parahatçylygyny dabaralandyrýandygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Täze ýyl baýramçylygyny ýagşy arzuw-niýetlere besläp garşylaýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Dabarada ýerine ýetirlen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzy Bitaraplygymyzy, Watanymyzy wasp edýän goşgulary ýerine ýetirdiler hem-de, ýurdumyzda ýetirilýän belent sepgitler, türkmen halkynyň milli däp – dessurlary, Ak mermerli Aşgabadymyzyň waspy şirin owazly aýdymlaryň üsti bilen belentden wasp edildi.