Şöhraty jahana dolan dutarym
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň hem-de Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda «Şöhraty jahana dolan dutarym» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy ösdürmek ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna», «Dutar» saz guralynyň girizilendigi, dutar saz guraly halkymyzyň kalbyna deňeýän milli gymmatlyklarynyň biridigi, şanly taryhymyzyň döwürlerine nazar aýlanyňda, ata-babalarymyzyň dutary özleriniň ýakyn hemrasy hasaplandyklary barada belläp geçdiler.
Şeýle-de çäräniň dowamynda Gypjak medeniýet öýüniň hünärmeniniň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazlarynyň birnäçesi ýaňlandy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halk sazlaryna hormat goýýan milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge giň ýol açýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.