Hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy,dostluk doganlyk sazy” kitabyndan


Hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy,dostluk doganlyk sazy” kitabyndan



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji sazçylyk sungat mekdebi bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy,dostluk doganlyk sazy” atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan dutar senediniň türkmeni bir bitewi göwrä jebisleşdirýän ruhy güýç bolup, ynsany jadylaýan gudratdygy şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda Şükür bagşynyň türkmen dutarynyň jadyly owazynyň diňe bir öz ýurdunda däl-de, eýsem goňşy ýurtlarda hem parahatçylygyň, agzybirligiň nyşany bolup ýaňlandyrmagy bilen türkmen saz sungatynyň gudratynyň äleme ýaň salandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Watanymyzy, mähriban halkymyzy rowaçlygyň üstünlikleriň, parahatçylygyň ýoly bilen ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!