“Şadyýan tomus” atly söhbetdeşlik


“Şadyýan tomus” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” seýilgähinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda “Şadyýan tomus” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda tomus paslynyň täsinligi, tomusyň datly miweleri, güneşli günler barada gyzykly gürrüňler edildi. Tomus paslyny wasp edýän goşgulary çagalar uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan, ösüp gelýän ýaş nesilleriň dynç alyş möwsümini gyzykly, hem-de şadyýan geçirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.